Автор работы: Пользователь скрыл имя, 17 Октября 2013 в 12:28, доклад
В свете вышесказанного нами на кафедре микробиологии Государственного медицинского университета Туркменистана были проведено изучение сорбционных свойств бентонитовой глины (бентонита), добываемой из местрождения «Огланлы», в отношении микроорганизмов.
Tejribeleriň birinji görnüşinde bentonit mikroorganizm iň amatly (optimal) mukdar gatnaşygy kesgitlendi. Munuň üçin fiksirlenen düzümli bentonitiň suspenziýasyna dürli garym-gatymdaky test mikroorganizminiň ösdürimini goşduk we ekspozisiýadan soň jamjagaza ekişdirdik we ösen sütünleriň sanyny hasapladyk.
Tejribeleriň bu görnüşinde test hökmünde E.coli M-17 içege taýajygynyň laborator ştammynyň ösdürimi ulanyldy.Içege taýajygynyň täze 12 sagatlyk (gijeki) ösdürimini etlipeptonly gaýnatmasynda (EPG) 10 (-1)-den 10 (-7) garyşdyrma çenli on gezek gardyk. Her garyşdyrmadan 1ml. ösdürimden saýlap aldyk we 1ml.arassa EPG we bentonit-aktiwirlenen kömür (1:1) garyndynyň 1% suspenziýasynyň 1ml bilen garyşdyrdyk. Ekspozisiýany 1 sagadyň dowamynda otag tempraturasynda alnan garyndynyň yzygiderli garylyp durmagynda geçirdik. Soňra mikroorganizmleriň we bentonitiň garyndysyny 10 minudyň dowamynda sakladyk, probirkalardan 10mkl-den saýlap aldyk we iýmitlendiriji agarly Petri jamjagazlaryna ekdik. Ekilen jamjagazlary 37C-de gijäniň dowamynda inkubirledik, soňra sütünleriň sanyny degişli programma üpjünçiligi bilelikdäki “IUL Instruments” ispan kompaniýasy tarapyndan sütünleri awtomatiki taýdan hasap etmek üçin öndürilen “Flash-and-Go”guralyň kömegi bilen hasapladyk. Şuňa meňzeş tejribäniň netijeleri tablisada görkezilen:
Garyşdyrma |
Sütünleriň sany | |
Barlag |
Tejribe | |
4 |
köp |
köp |
5 |
100 |
60 |
6 |
46 |
25 |
7 |
5 |
2 |
Şu netijelere esaslanyp, indiki tejribelerde “işçi” garyşdyrmalar hökmünde biz gijeki ösdürimiň 5 we 6 garylmasyny ulandyk.
Indiki tejribelerde biz mikroorganizmleriň sorbsiýasyny bentonitiň esasynda sorbentler arkaly mukdar taýdan bahalandyrdyk, şeýle hem bu görkezijiniň eksperimentiň şertlerine baglylygyna baha berdik. Öwrenilýän sorbentiň mikrob öýjüklerini baglaşdyrmaklyga bolan ukybyna baha bermek üçin onuň, ýagny sorbentiň sorbsion göwrümi hasaplandy.
Ol tejribe we barlag ekişleriň arasyndaky sütünler sanynyň sorbentiň probadaky mukdaryna degişli bolan tapawudy ýaly kesgitlendi.
Ekisperimentleriň ikinji görnüşinde içege taýajygynyň öýjükleriniň sorbsiýasy bentonitde barlandy, deňeşdirme üçin sorbent hökmünde aktiwirlenen kömür ulanyldy.
Bu eksperimentiň umumylaşdyrylan netijeleri şu aşakdaky ýaly hödürlenip bilner.
Sorbent |
Içege taýajygynyň (KEGB) sany sorbentiň mg-sinde |
Bentonit |
1,4х106 |
Aktiwirlenen kömür |
1,5 х105 |
Şeýlelikde,
biziň tejribelerimiziň
( bölejikleriň ölçegi) we ýokarky gatlagyň elektrik zarýady has uly goşanda eýe bolup durýar.
Edebiýat çeşmeleri
Информация о работе Изучение сорбционных свойств бентонита из месторождения «Огланлы»